- eýelemek
- işlik1) Bir zady özüňki etmek, öz ygtyýaryňa geçirmek, eýe bolmak.∙ Ol kitaby eýýäm eýeläpdir.2) Ele almak, ele salmak, basyp almak.∙ Demirgazyk taýdan Daşkent-Moskowa otly ýoluny kesip, ataman Dutow ýaňadaňdan Orenburgy eýeledi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Olar on ikinji iýulda Aşgabatda hem Gyzylarbatda häkimiýeti eýelediler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Olar ýabyň köprüsini eýelänlerinde, gije özüniň garaňky perdesini bütin äleme ýaýypdy. (B. Seýtäkow, Gyz Salgydy)3) Bir ýerde jaýlaşmak, ýerleşmek, ornaşmak.∙ Ellerini işden boşanan beýleki adamlar-da özleriniň at-abraýlaryna laýyk bolan ýerlerini eýelediler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.